Abadan ýaşaýşyň binýady

24 Mart 2022
1279

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda guwandyryjy üstünlikler gazanylýar, uzakmöhletleýin geljege we durnukly ösüşe gönükdirilen taslamalar amala aşyrylýar. Ýurdumyzda energetika pudagy gazanýan ykdysady üstünliklerimiziň, geljekde ýetmeli belent sepgitlerimiziň berk binýady hasap edilýär.

Elýeterli we arassa energiýa bilen halkymyzyň doly derejede üpjün edilmegi energiýa serişdeleriniň tygşytly ulanylmagy, olaryň ekologiýa taýdan arassa bolmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Ýakynda hormatly Prezidentimiz döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda: «Garaşsyz döwletimiziň elektrik energetikasy pudagyna köp möçberde maýa goýumlar gönükdiriler. Türkmen energiýa serişdelerini daşarky bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişi artdyrylar we ony ibermegiň ulgamy kämilleşdiriler. Geljekde ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, şol sanda Gün batareýalaryny öndürmegi giňden ýola goýmak  we ornaşdyrmak hem meýilleşdirilýär» diýip, belläp geçdi.

Jennet DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, kazynyň kömekçisi.
Beýleki habarlar