Ählihalk bag ekmek dabarasy

13 Mart 2022
1179

«7/24.tm», № 11 (94), 14.03.2022.

 Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek maksady bilen, şeýle-de «Türkmenistanda 2022-nji ýylda bag ekmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň fewral aýynyň 18-ine çykaran Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda mart aýynyň 20-sine ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi. Munuň bilen baglanyşykly ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Bag ekmek dabarasy bahar paslynda tebigatyň aýratyn sahawatly häsiýete eýe bolýandygy, mähriban topraga söýgini özünde jemleýän ruhy däplere ygrarlylygy alamatlandyrýan Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe bagyşlandy. Dürli nahallary ekmek ýurdumyzda amatly ekologiýa ýagdaýynyň emele gelmegini üpjün edýär. Şonuň üçin häzirki döwürde ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan aýawly peýdalanmak ählihalk işi hökmünde bagtyýar durmuşymyzda giňden ýaýbaňlanýar.

Beýleki habarlar