Banan bagynyň bagbany

12 Mart 2022
1484

Tejribeli bagban Merdan Hudaýberdiýew Amyderýanyň çep kenaryny ýakalap oturan Halaç etrabynyň Pelwert obasynda ilkinji bolup Mary welaýatyndan getiren banan nahallaryny ekmek bilen, eýýäm onuň özboluşly baglygyny hem döretdi. Ol subtropik sebitlerde bitýän bu täsin ösümligiň ähli agrotehnikasyny internetden öwrendi. Netijede, ýetişdiren banan agajynyň ilkinji miwelerini öz obadaşlaryna paýlap, olaryň alkyşyny aldy.

Göýä Erem bagynyň miwesi ýaly tagamy datly bu ösümligiň görnüşi-de üýtgeşik. Hasyl getirişi bolsa has täsin. Ullakan ýapraklaryň arasynda hatara düzülen banan miweleri gözüňi dokundyrýar. Düzüminde, aýratyn-da, çagalar üçin zerur bolan ýokumlaryň köplügi banany islegli önümleriň hataryna goşýar. Türkmeniň naz-nygmata baý desterhanyna indi öz topragymyzda biten banan miwesiniň goşulmagy hemmeleri begendirýär.

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar