Ýagşydan bag galar

10 Mart 2022
1265

Bag ekip ýetişdirmek halkymyzda hemişe-de iň bir sogaply, haýyrly iş hasaplanyp gelinýär. Muny pederlerimiziň paýhas ummanynyň miwesi bolan «Gury agajy egmegin, degmedige degmegin», «Agaç barly bolsa, başy aşak», «Agaç iýmişinden belli, adam kylmyşyndan», «Bag — barsyz bolmaz, at — timarsyz», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki», «Ýagşydan bag galar, ýamandan ýürekde dag» ýaly nakyllar hem tassyklaýar. Bag-bossanlygyň tebigata, adamzada diňe bir gözellik eçilmän, onuň saglygyň, arassalygyň çeşmesidigini hemişe nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu günki gün Diýarymyz ägirt uly seýilgähi ýada salýar. Diňe geçen ýylyň özünde 30 million düýp bag nahallarynyň oturdylmagy hem bu işde ägirt uly öňegidişligi emele getirdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly 4-nji martda geçirilen mejlisinde «Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakyndaky» Karara gol çekdi. Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň öňüsyrasynda, 20-nji martda geçirmeklik soňky ýyllarda asylly dessura öwrülen bag ekmek daşky gurşawyň goraglylygyna, durmuşymyzyň ýylsaýyn gözelleşmegine gönükdirilen ýazky çärelere badalga bolar. Hormatly Prezidentimiz salkyn saýa berýän, miweli baglary ýetişdirmek işlerine aýratyn üns berýär. Hut şonuň üçin hem her ýylyň ýazky we güýzki bag ekmek möwsümine badalga berilmegi ýurdumyzda baýramçylyk ruhuna beslenip geçirilýär. Bu sogaply işe gatnaşmagy ähli ulgamlarda zähmet çekýän raýatlarymyz, talyplardyr mekdep okuwçylaryna çenli uly höwes bilen gatnaşýarlar. Bu işleriň ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine goşant bolmak bilen ýyllardan ýyllara tebigatyň goýnunda ýadygärlik galjakdygy baradaky düşünje her bir raýatymyza joşgun, edýän işine söýgi bagyş edýär. Milli Liderimiziň halkymyzyň kalbynda döreden söýgüsiniň miwesi bolan tokaý zolaklary, seýilgähler bu günki gün obadyr şäherlerimize gözellik paýlaýarlar. Bir gektar bagyň günde 180-220 kilograma çenli kislorody bölüp çykarmaga, 220-280 kilograma çenli kömürturşy gazy özüne siňdirmäge ukyplydygyny, toprakdaky ygaly bugarmakdan saklaýandygyny ýatlamak hem bu işleriň peýdasyny göz öňüne getirmek üçin ýeterlik bolsa gerek.

Hudaýberdi IŞANÝAZOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň başlygy.
Beýleki habarlar