Ekologiýa diplomatiýasy rowaçlanýar

4 Mart 2022
1395

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelliklerini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin gorap saklamak ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Biodürlüligi gorap saklamak, çölleşmä garşy göreşmek babatda durmuşa geçirilýän işler, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmegi munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ekologiýa syýasaty üstünlikli ösdürilýär. Milli Liderimiz 11-nji fewralda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: «Ekologiýa diplomatiýasyny mundan beýläk-de wagyz etmek biziň üçin örän möhüm soraglaryň biri bolup durýar. Biz bu ugurda halkara guramalar bilen işjeň we netijeli hyzmatdaşlygy alyp bararys. Şu ugurda Gaaga konwensiýasyna laýyklykda alnyp barylýan işler hem biziň üçin möhümligine galar» diýip belledi. Munuň özi ekologiýa diplomatiýasyna döwlet Baştutanymyz tarapyndan berilýän aýratyn ünsüň nyşanydyr.

Mähri AGAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Beýleki habarlar