Milli binagärlikde döwrebap ugur

1 Mart 2022
1482

Hormatly Prezidentimiziň ýakynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde geljek 30 ýyla gönükdirilen Maksatnamanyň taslamasynda esasy göz öňünde tutulan wezipeler barada bellenildi. Olaryň hatarynda «ýaşyl» energetika tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça hem giň göwrümli wezipeler bar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň sebitde «ýaşyl» energetika tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga girişmek boýunça öňdäki orunlary eýeleýändigi buýsandyryjy hakykatdyr. Milli ykdysadyýetiň desgalarynyň ekologiýa taýdan arassa, önümçiligiň tebigata zyýan ýetirmeýän «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanmagyna uly üns gönükdirýär. Milli ekologiýa syýasatynyň aýrylmaz bölegi hem «ýaşyl» energetika tehnologiýalaryny giň gerimde ornaşdyrmak we bu ugurda ylmy işleriň netijeliligini gazanmak bilen baglydyr.

«Ýaşyl» tehnologiýalar, esasan, «ýaşyl» gurluşyklarda — ekogurluşyklarda giňden ulanylýar. «Ýaşyl» gurluşygyň usullary esasynda binalar, desgalar gurlanda we olar peýdalanylanda, sökülende-de, umuman, olaryň hyzmat edýän döwrüniň tutuş dowamynda daşky gurşawa täsiri az bolýar. Beýle binadyr desgalar tebigy serişdeleri, energiýany tygşytlamaga we aýawly ulanmaga ýardam etmek bilen birlikde, ýokary hilliligi, amatlylygy, çykdajylarynyň arzanlygy bilen tapawutlanýar. «Ýaşyl» gurluşyklaryň usullary we tehnologiýasy barha kämilleşdirilýär we öwrenilýär. Ekologiýa medeniýetiniň ösmegi bilen, adamlarda «ýaşyl» gurluşyklara bolan gyzyklanma artýar we bu ugurdaky milli, halkara derejelerdäki taslamalar uly goldaw tapýar. «Ýaşyl» taslamalar işlenip taýýarlanylanda, adamyň saglygyna peýdalylygy, düýbünden howpsuzlygy we daşky gurşawa zyýanly täsirleriň pes derejede bolmagy, hatda bolmazlygy bilen bir hatarda, geljek nesilleriň gyzyklanmalary, başga-da birnäçe taslamalar bilen utgaşyklylygy göz öňünde tutulýar. Olar ykdysady nukdaýnazardan hem örän ähmiýetli hasaplanylýar.

Bägül ATAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar