Ösümlikleri goramagyň döwlet maksatnamasy

18 Fewral 2022
1535

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary geçirilen mejlisinde tassyklanan «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda ekologiýa syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek we oba hojalyk toplumynyň işini kämilleşdirmek hem öz beýanyny tapdy. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak hem-de olaryň biodürlüligini köpeltmek, tebigy baýlyklarymyzy tygşytly, rejeli peýdalanmak we geljekki nesillerimize ýetirmek onuň özenini düzýär. Ýer we suw serişdelerinden peýdalanmagyň netijeliliginiň derejesini ýokarlandyrmak, agrar gatnaşyklaryny we tehnologiýalaryny kämilleşdirmek hem esasy wezipeleriň hatarynda goýulýar.

Berkarar Watanymyzda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak hem-de ösümlikleri gorap saklamak babatda alnyp barylýan işleriň kanunçylyk binýady barha berkidilýär. 2016-njy ýylda «Ösümlikleri goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun ösümlikleri zyýankeşlerden, kesellerden, şeýle hem haşal otlardan goramak babatda işi amala aşyrmagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek bilen ýetişdirilen hasyly gorap saklamaga gönükdirilendir. Şu ýylyň 28-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «Ösümlikleri goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ösümlikleri zyýankeşlerden, kesellerden hem-de haşal otlardan goramak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň 2022 —2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Döwlet maksatnamasy ösümlikleri goramagyň esasy maksadyny, wezipelerini we ösümlikleri goramagy amala aşyrmagyň çärelerini beýan edýän ugur görkeziji bolup durýar.

Nerçe ÖWLÜÝÄGULYÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar