Durmuşyň gözellikleri

21 Ýanwar 2022
1855

Dünýäde ähli zat biz üçin döredilen bolsa, onda bize şol mümkinçiliklerden dogry peýdalanyp öz durmuşymyzy, ömrümizi gözelleşdirmegimiz wajyp bolup durýar.

Her gün ir bilen çagalarymy ulaga mündürip, mekdeplerine alyp gidýärin. Ýolboýy olaryň gürrüňlerini diňleýärin we çaga dünýäsiniň neneňsi tämizligine göz ýetirýärin. Çagalara ýöne ýere durmuşyň gülleri diýilmeýär. Olaryň kiçijik zatlara-da begenişlerini, her sözüňe dykgat edişlerini, sähel öwgä ynanyşlaryny synlap, çaga dünýäsiniň neneňsi näzikdigine ýene bir ýola düşünýärsiň.

Ylham ŞAGULYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar