«Tomus» — saçaklaryň bezegi

26 Dekabr 2021
1391

Halkymyzy ekologiýa taýdan arassa, ýokuma baý azyk önümleri bilen üpjün etmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary saldamly goşantlaryny goşýarlar. «Tomus» haryt nyşanly çörek we çörek önümlerini öndürýän kärhananyň bu ugurda alyp barýan işleri bolsa guwanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.

Ak bugdaý etrabynyň çägindäki, telekeçileriň we senagatçylaryň senagat zolagynda ýerleşýän agzalan kärhananyň döredilenine ýigrimi ýyla barabar wagt boldy. Ilkinji ýyllarynda çörek we çörek önümleriniň sanlyja görnüşini öndüren bu kärhananyň häzirki wagtdaky iş gerimi barha giňedi. Ol ýerde öndürilýän önümleriň görnüşi onlarçadyr.

Ýörite habarçymyz.
SURATLARDA: kärhananyň işinden görnüşler.
Beýleki habarlar