Daşky gurşawyň goragy — sagdynlygyň girewi

17 Noýabr 2021
1655

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda tebigaty goramak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek döwletimizde ileri tutulýan wezipeleriň biridir. Ýurdumyzyň tebigatyny goramak baradaky döwlet syýasaty jemgyýetiň ekologik bähbitleriniň ileri tutulmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu ugurdaky syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, Türkmenistan gün-günden gözelleşýär, bagy-bossanlyga bürenýär, raýatlaryň ýaşaýyş üçin arassa, sagdyn daşky gurşawa bolan konstitusion hukuklary amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmek we çalt depginler bilen ösdürmek boýunça edýän taýsyz tagallalary netijesinde, döwletimiziň ykdysady kuwwaty barha pugtalanýar hem-de daşky gurşawy gowulandyrmaklyga gönükdirilen ähli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde BMG-niň bu ugurdaky töwekgelçilikleri azaltmak boýunça täsirli çäreleri taýýarlamaga gönükdirilen tagallalary, şol sanda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça Halkara ylalaşyga gol çekilmegi baradaky teklibini goldap çykyş etdi. Howa boýunça täze halkara Ylalaşygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň maslahatynyň Pariž şäherinde geçirilen 21-nji mejlisinde kabul edilmegi hem-de dünýä ýurtlarynyň bu Ylalaşyga goşulyşmagy Türkmenistanyň halkara derejesindäki başlangyçlarynyň, teklipleriniň giň goldaw tapýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Daňatar MÜRZÄÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň esasy ylmy işgäri.
Beýleki habarlar