Bag — ýaşaýşyň görki

15 Noýabr 2021
1523

«Ýaşyl süzgüç» bolup hyzmat edýän agaçlar Ýer ýüzünde ýaşaýşyň kadaly dowam etmeginiň möhüm şertidir. Şu hakykata pugta göz ýetiren merdana pederlerimiz bag ekmegi iň sogaply işleriň hatarynda goýupdyrlar. «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki», «Bir nahal ekseň, ýaşyň bakydyr» diýen ýaly ata-babalarymyzdan miras galan milli ýörelgelerimize eýerip, hormatly Prezidentimiz ekologiýa abadançylygyny emele getirýän baglaryň, gülleriň, ösümlikleriň köpeldilmegini aýratyn üns merkezinde saklaýar.

Ýurdumyzda giň gerimde döredilýän tokaý zolaklary, bag-bakjaly seýilgähler, bagy-bossanlyklar amatly mikroklimaty döredýär, daşky gurşawy arassa saklamaga ýardam edýär. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, her ýyl ýazky we güýzki bag ekmek möwsümleri geçirilip, ýurdumyzda köp mukdarda miweli we saýaly agaçlaryň nahallary oturdylýar, ozal bar bolanlaryna yzygiderli ideg edilýär. Şeýle hem sähra ýerlerinde sazak, selin, daglyk ýerlerinde arça, derýa boýlarynda bolsa dürli baglaryň emeli tokaý zolaklary döredilýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizde zähmetsöýerligi terbiýelemekde, bereketli topragymyza, onuň tebigy baýlyklaryna söýgülerini artdyrmakda bag ekmek işi örän uly ähmiýete eýedir.

Kyýas ÖWEZOW,
Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň başlygy.
Beýleki habarlar