Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär (Ýaş žurnalistiň sözi)

10 Noýabr 2021
1825

Dünýä kitabynda onuň ady bar. Gara Seýitliýewiň bu iki setirini, megerem, bilmeýän ýok bolsa gerek. Kerim Gurbannepesowyň: «Asman diýseň, ýyldyz düşýär ýadyňa» diýşi ýaly, bag ekmek diýilse gönüden-göni şol iki setir ýadyňa düşýär. Hawa, 6-njy noýabrda talyp deň-duşlarymyz bilen ählihalk bag ekmek dabarasyna barýan wagtymyz hem şol iki setir dilimize sena bolupdy...

Sözümiziň başyny şahyrlardan başlamagymyz ýöne ýere däl. Çünki şol günki ählihalk bag ekmek dabarasy halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň Köpetdagyň eteginde täze bina edilýän ýadygärliginiň töwereginde boldy. Köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümini bu ýerde geçirmekligi hormatly Prezidentimiziň hut özi teklip edipdi. Bu hem milli Liderimiziň dana şahyrymyza goýýan uly sarpasyndan nyşan.

Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».
Beýleki habarlar