Abadançylygyň möhüm şerti

9 Noýabr 2021
1643

Ekologiýa arassalygy Durnukly ösüş maksatlarynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Häzirki wagtda tutuş dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meselesi adamzadyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu gün dünýäniň geosyýasy we geoykdysady şertleri ykdysady durnuklylygyň, energetiki ösüşiň, ekologiýa ulgamynyň abadançylygynyň, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerlikli we öz wagtynda durmuşa geçirilmeginiň dogry usullaryny işläp düzmegi talap edýär. Sagdynlyk we bagtyýarlyk, arassa suw we sanitar hyzmatlary, elýeterli we arassa energiýa, durnukly şäherler we jemgyýetler, arassa howa, suwdaky durmuş, gury ýerdäki durmuş ýaly ugurlar ekologiýa bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Baky Bitarap Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösýän we özgerýän döwründe ýurdumyzyň ekologiýa deňagramlylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz 5-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň ekologiýa we howa meseleleri boýunça netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegini esasy ugur edinýändigini aýratyn belläp geçdi. Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýetiniň BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatyna (COP26) gatnaşmak maksady bilen, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Glazgo şäherine bolan iş saparynyň jemleri barada bellemek bilen, Watanymyzyň bu ugurda oýlanyşykly we yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýändigine ünsi çekdi we bu ugurda öňde duran wezipeleri çözmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Maýsa DÖWLETOWA,
Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar