Ülkämiziň tebigy baýlygy

15 Oktýabr 2021
1677

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» suw serişdelerini gorap saklamagyň we rejeli peýdalanmagyň esasy ugurlary öz beýanyny tapýar. Suw desgalaryna akýan suwlardan we zeýkeş suwlardan gelýän zyýanly maddalary azaltmak, öňdebaryjy suw we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, howanyň ählumumy üýtgemegi bilen bagly uýgunlaşma çärelerini durmuşa geçirmek, suw desgalaryna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyň ýollaryny kämilleşdirmek suw serişdelerini rejeli ulanmak babatda esasy ugurlardyr.

Maksatnama laýyklykda, şu ýylyň awgust aýynyň 11-ne ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda göwrümi 18 million kub metre barabar bolan täze suw howdanynyň desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Suw howdanynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi Garagum derýasynyň aşak akymynda güýz we gyş döwürlerinde bol suw gorlarynyň toplanylmagyna, şeýlelikde bolsa, etrabyň çäginde bar bolan suwarymly ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmäge, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmäge amatly şertleri döreder. Bu işleriň alnyp barylmagy ýurdumyzda kabul edilýän maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Gurbangeldi AŞYROW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiň agzasy.
Beýleki habarlar