Ekologiýa talaplarynyň hukuk esaslary

16 Sentýabr 2021
1546

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan ekologiýa syýasaty toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, tebigatymyza aýawly garamaga hem-de ony has-da gözelleşdirmäge gönükdirilendir. Milli Liderimiz ekologiýa taýdan howpsuz ösüşi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlemek bilen, ekologiýany we tebigaty goramak ýaly iň bir ähmiýetli meseleleri häzirki döwrüň ählumumy, möhüm wezipeleriniň hatarynda goýýar. Ýurdumyzda ýer, suw hem biologik köpdürlüligi we tebigaty goramak, çölleşmä garşy göreşmek ýaly ugurlar boýunça uly işler amala aşyrylýar. Türkmenistan döwletimiz BMG-niň daşky gurşawy goramak we ekologiýa taýdan howpsuz ýaşaýşy üpjün etmek boýunça konwensiýalaryna işjeň gatnaşyp, olardan gelip çykýan halkara borçnamalaryny hem üstünlikli ýerine ýetirýär.

Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny, şol sanda senagat derejeli kärhanalar bolan elektroenergetikanyň ähli kärhanalaryny döwrebap ösdürmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, önümçiligi artdyrmak we sarp edijileriň isleglerini doly kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, bu wezipeleri durmuşa geçirmek üçin ygtybarly energiýa üpjünçiliginiň ýola goýulmagyna hem-de işleriň ekologiýa taýdan howpsuz bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Muňa Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 13-nji maddasy doly şaýatlyk edip, onda: «Döwlet adamyň we jemgyýetiň bähbitlerine ykdysady işi düzgünleşdirmegi amala aşyrýar, ähli halkyň abadanlygyna durnukly ösüşi üpjün edýär» diýlip bellenýär.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň aspiranty.
Beýleki habarlar