Barlaghanada ylmy-barlag we tejribe işleri ýerine ýetirilýär

13 Sentýabr 2021
2136

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň ägirt uly tebigy uglewodorod baýlyklaryna esaslanýan nebitgaz pudagynyň ösdürilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berilýär, ylmy-barlag institutlarynyň barlaghanalary innowasion esasly täze barlaghana enjamlary bilen yzygiderli üpjün edilýär.

Laboratoriýa daşary ýurtlaryň öňdebaryjy «FANN Instrument» we «Chandler Engineering» kompaniýalarynyň ylmyň soňky gazananlaryny öz içine alýan häzirki zaman enjamlary we gurallary bilen üpjün edilendir. Olaryň kömegi bilen guýularyň dag-geologik şertlerini modelirlemek bolýar. Bu enjamlar arkaly dürli görnüşli tamponaž sementleriniň Türkmenistanyň standartlarynyň bildirýän talaplaryna laýyklygynyň barlag işlerini hem geçirmek bolýar.

Begli HALIÝEW,
«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň guýulary ýuwuş we berkitme erginleri laboratoriýasynyň esasy inženeri.