Ekologiýa we döwlet syýasaty

12 Sentýabr 2021
1770

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelliklerini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin aýap saklamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Rio-de-žaneýroda bolup geçen «Rio+20» Bütindünýä sammitinde, Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde bolup geçen VII Bütindünýä suw forumynda we beýleki iri halkara forumlarda bu babatda umumadamzat ähmiýetli möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Olaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak, Aral deňziniň gurşawy üçin BMG-niň ýörite maksatnamasyny taýýarlamak, Birleşen Milletler Guramasynyň işinde Aral meselesine aýratyn ähmiýet bermek baradaky teklipleri aýratyn belläp geçmek bolar.

Agzalyp geçilenlerden Aral meselesiniň çözgüdine işjeň goşant goşmak Türkmenistanyň soňky ýyllarda gazanan üstünlikleriniň esasylarynyň biridir. Ozaly bilen, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, soňky ýyllarda işi haýalladylan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işiniň täze derejelere çykarylmagy aýratyn bellenilip geçilmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda eden çykyşynda Aral deňzini halas etmegiň diňe bir sebitiň içerki meselesi hökmünde garalman, eýsem onuň çözgüdinde dünýä bileleşiginiň goldawynyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň bu ugurda öňe süren teklipleriniň esasynda Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň ikisi kabul edildi.

Serdar DURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar