«Altyn asyr» Türkmen köli

25 Awgust 2021
1892

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa taýdan howpsuz ösüşi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlemek bilen, ekologiýa we tebigaty goramak meselelerini häzirki döwrüň iň möhüm wezipeleriniň hatarynda goýýar. Ýurdumyzda ýer, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, biologiýa hem-de landşaft dürlüligini gorap saklamak, çölleşmäge we tokaýlaryň ýitmegine garşy göreşmek ýaly ugurlar boýunça uly işler amala aşyrylýar.

2000-nji ýylyň awgust aýynda merkezi Garagumda «Altyn asyr» Türkmen kölüni döretmek hakynda taryhy çözgüt kabul edildi. Onuň gurluşygynyň ilkinji tapgyrynyň açylyşy 2009-njy ýylyň 15-nji iýulynda boldy. Milli Liderimiz desganyň açylyş dabarasynda: «Bu desga geljek nesillerimiz üçin suw bolçulygyny döredip, ene topragymyzyň berekedini has-da artdyrar» diýip belläp geçdi.

Bahtiýar SABYROW,
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar