Howa maglumaty

11 Awgust 2021
1504

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 12-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty.

Aşgabatda: açyk howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +24° maýyl, gündizine +37... +39° yssy bolar. Howanyň basyşy 732 mm, çyglylygy 10 — 30 %. 2021-nji ýylyň 11-nji awgustynda atmosfera howasynyň düzümindäki tozanyň möçberiniň kadadan 7% köp bolandygy hasaba alyndy.

Beýleki habarlar