Ýaşyl gurşaw — ekologiýa syýasatymyzyň baş maksady

29 Iýul 2021
1457

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ekologiýa syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, Diýarymyzyň ähli künjeklerini bagy-bossanlyga öwürmek, biodürlüligi artdyrmak işleri ýokary depgin bilen alnyp barylýar. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyz köptaraply tebigy aýratynlyga eýedir. Başy asmana diräp duran äpet daglarymyz, haýwanat dünýäsi we süýji suwlulygy bilen tapawutlanýan derýalardyr köllerimiz, giň gözýetime uzap gidýän sähralardyr düzlerimiz, üsti we asty hazyna saýylýan Garagum sähramyz türkmen tebigatynyň bezegidir. Ýurdumyzyň obalaryndadyr şäherlerinde, mermer paýtagtymyzda we onuň daş-töwereklerinde oturdylýan bag nahallary bolsa, ynsan saglygy üçin möhüm şert bolan arassa howany, amatly gurşawy emele getirýär. Bag ekmegi, guýy gazyp, ýap çekmegi asylly we sogap iş hasaplaýan türkmen halkymyz gadymdan şu günlerimize çenli bu asylly işleri uly höwes bilen ýerine ýetirýärler. Bu babatda bize hormatly Prezidentimiziň hut özi şahsy görelde görkezýär. Köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek dabarasy Arkadagly eýýamymyzda milli medeniýetimizi baýlaşdyran däbe öwrüldi.

Bilşimiz ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň şanly wakalara, dabaraly çärelere has baý ýyldygy şübhesizdir. Çünki asyrlarboýy arzuwlanan milli Garaşsyzlygymyzy alanymyza 30 ýyl dolýar. Bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirden uly taýýarlyk işleri alnyp barylýar, zähmet üstünlikleri gaýnap joşýar. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary esasynda, milli Garaşsyzlygymyzyň şanly senesi mynasybetli 30 million düýp nahalyň oturdylmagy meýilleşdirilýär. Şol sanda paýtagtymyz Aşgabadyň töwereginde 10 million, ýurdumyzyň welaýatlarynda 20 million düýp bag nahallarynyň oturdylmagy meýilleşdirilýär. Bahar paslynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň daş-töwereginde bag nahallaryny oturtmak işi uly dabara, şatlyk-şowhuna beslenip geçirildi. Ýurdumyzyň ähli ýerinde hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerilip, täze nahallar oturdyldy.

Göwher HYDYROWA
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Kazyýetiň kararlarynyň kanunylygyna gözegçilik müdirliginiň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar