Bazarda islegli harytlar

27 Iýul 2021
2160

Türkmen telekeçileri, hususyýetçileri ýurdumyzyň senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşulmagynda milli Liderimiziň durmuşa geçirýän işlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar täze önümçilikleri döredip, eksport önümleriniň görnüşlerini artdyrmagy, içerki bazarlarymyzy ýokary hilli harytlar bilen doly üpjün etmegi özleriniň baş maksady hasaplaýarlar.

2014-nji ýylda döredilen «Kökçi» hojalyk jemgyýeti akkumulýator önümçiligini ýola goýmak bilen, içerki bazaryň bu önümlere bolan islegini kanagatlandyrmaga uly goşant goşmagyň hötdesinden geldi. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Kökçi» hojalyk jemgyýetinde 100-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Kärhananyň kuwwatlylygy ýylda 60 müň sany akkumulýator öndürmäge niýetlenendir.

«RYSGAL» gazeti
Beýleki habarlar