Sazlaşyk

23 Iýul 2021
1391

Käte tebigat bilen ynsan kalbynyň gözelliginiň sazlaşygy dogrusynda pikirlenýärsiň. Olaryň ikisiniň arasynda göze görünmeýän baglanyşygy syzýan ynsanlaryň bardygy barada oýlanýarsyň. Şeýle zehini bolan adamlardan güýçli şahsyýetler döreýär. Olar öz Watanyny tebigatdan aýry göz öňüne hem getirip bilmeýärler.

Hormatly Prezidentimiz hem bize tebigaty söýmegi, onuň baýlyklaryny gözüň göreji ýaly goramagy öwredýär. Hut milli Liderimiziň tagallasy bilen geçen ýyllarda ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek üçin tutanýerli işler alnyp baryldy. Şu günlerde hem bu işleriň arasy üzülmeýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe tutuş jemgyýetiň ösüşi daşky gurşawyň ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilişi bilen berk baglanyşdyrylýar. Şu maksat bilen welaýatlaryň çäklerinde miweli, saýaly, pürli agaçlaryň we üzüm nahallarynyň her ýylda millionlarçasy oturdylýar.

Jemile HEMRAÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar