Kiçi telekeçilige amatly mümkinçilikler

5 Aprel 2021
2099

Önümçilik pudagyny ösdürmegiň iň kämil nusgalarynyň biri hem karzlaşdyrma bilen baglydyr. Dürli görnüşli karz serişdeleriniň hasabyna senagat, oba hojalyk, söwda ulgamlary, şeýle hem, giňeldilen üznüksiz önümçilik işleri maliýeleşdirilýär. Durmuşa gönükdirilen häzirki bazar ykdysadyýetinde çekilen karz serişdeleriniň hasabyna maýanyň gaýtadan paýlanylmagy, önümçiligiň üznüksiz alnyp barylmagy, pul dolanyşygynyň tizligi üpjün edilýär, pudaklaryň düşewüntliligi ýokarlandyrylýar.

Häzirki wagtda dünýäniň ösen döwletleriniň iş tejribesinde diňe bir ýuridiki taraplar däl, eýsem, dürli görnüşli önümçilik (oba ýerlerinde ýaşaýan ilatyň ekerançylyk, balykçylyk, maldarçylyk, guşçulyk; şäher ýerlerinde ýaşaýan ilatyň, esasan hem, gaplama hyzmatlary, daşama hyzmatlary, tiz tagam hyzmatlary, tikinçilik, nou-hau we ş.m.) işini alyp barýan şahsy taraplaryň sany hem barha artýar. Şeýle görnüşli önümçilikleriň giňden ýaýramagynyň döwlet üçin bähbitli taraplaryna ýurtda azyk garaşsyzlygyny hem-de hödürlenilýän harytlaryň we hyzmatlaryň köpdürlüligini döretmek, bäsdeşlik esasynda bahalaryň elýeterliligini üpjün etmek, ýurtda işsizligi azaltmak we beýlekiler degişli edilýär. Ýurtda kiçi möçberdäki önümçilikleri alyp barmaga şert döretmegiň esasy aýratynlygy hem raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek bolup durýar.

Dünýägözel HAÝYTOWA,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Ylmy önümçilik geňeşiniň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar