Gül görkli pasyl

21 Mart 2021
2336

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gözel Diýarymyza ynsan kalbyna şatlyk eçilen nurana bahar-ýaz geldi. Ýaz pasly ýurdumyza üýtgeşik röwşi, özboluşly ýakymy bilen gelýär. Bahar gül-pürçük çemenzarlygy, reýhan gülleri, mahmal owazly şat bilbilleri, hiňňildigi bilen gelip, halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Ol şahyryň köňül beýdine, bagşynyň ýürek taryna, sazandanyň şirin nagmasyna öwrülýär.

Bu ajaýyp möwsümiň dowam edýän pursatlarynda kalby ylhamlanmaýan şahyr-ýazyjy, ýüregi joşmaýan aýdymçy, megerem, ýok bolsa gerek?! Ilkinji ýaz ýagşynyň topragymyza bol-telki bereket eçilmegi baharyň ilkinji şirin mukamynyň owazydyr. Baharda tebigatymyzyň gözel ýaýlalarynda, dagynda-düzünde gözüň eglenende göwnüň göterilip, kalbyň heýjana gelýär. Türkmen sährasyna, tebigatyna bolan buýsanjyň has-da artýar. Her gün ir säher bilen garşy alýan nurly Günümiz, zemin zynaty bolan al-elwan güller, bilbilleriň ýakymly owazy ruhuňy göterýär.

Ýolaman GURBANOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.