Arkadagly döwrüň joşgunly waspy

21 Fewral 2021
1249

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şygary astynda welaýatymyzda medeni çäreler, döredijilik duşuşyklary, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, aýdym-sazly dabaralardyr maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde geçirilen aýdym-sazly dabara bolsa, şol çäreleriň üstüni ýetirdi.

Ahal welaýat we Gökdepe etrap häkimlikleri, welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary, welaýat Medeniýet müdirligi tarapyndan bilelikde guralan dabara dürli kärdäki we hünärdäki ildeşlerimiz gatnaşdy. Oňa gatnaşyjylar üçin medeni ojagyň giň eýwanynda guralan sergi bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döredildi.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATLARDA: dabaradan we onuň çäginde guralan sergiden pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.