El bukja

19 Fewral 2021
4749

Gelin-gyzlarymyzyň mähir-yhlasy siňen el işleriniň biri hem el bukjalarydyr. El bukjalar dürli mata bölejiklerinden tikilip, owadan görnüşi emele getirýär. Gurama usulyndaky el işlerini ýerine ýetirmek, aýratyn hem, Lebap welaýatynda has-da ýörgünlidir.

Bukjany taýýarlamak üçin matanyň üç tarapy eplenip biri-birine tikilmeli, galan bir tarapy bolsa açyk ýagdaýda bolmaly. Bukjalar görnüşi boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar. Olardan aýna-darak bukjalaryny, el iş salynýan bukjalaryny, sep bukjalaryny görkezmek bolar. Bu bukjalar hem mata bölekleriniň reňkleri, nagyşlary, ululygy we kiçiligi bilen tapawutlanýarlar.

Annagözel NAZAROWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň sergi işlerini guramak bölüminiň esasy hünärmeni.