Asudalyk we durnuklylyk halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň baş şertidir

29 Ýanwar 2021
1323

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, jemgyýetimizde tertip-düzgüni berkitmek, degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly wezipelere we bu ugra degişli beýleki birnäçe wajyp meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Ýaragly Güýçleriň we beýleki goşunlaryň ygtyýarynda bar bolan harby tehnikalardan ýokary derejeli baş alyp çykýan, öz işine ökde ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. Bu tehnikalaryň we enjamlaryň ulanylan görnüşleri babatda kadalaşdyryjy namalara gaýtadan seretmegiň wajypdygy, zerurlyk bolsa, olary döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça zerur işleri geçirmek bellenildi.

«Daşoguz habarlary».