Innowasion tehnologiýalaryň hyzmaty

28 Ýanwar 2021
2857

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň gözel tebigatynyň aýawly saklanmagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýär. Ekologiýa taýdan arassa we galyndysyz işleýän howpsuz innowasion tehnologiýalar ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna ornaşdyrylýar. Munuň özi daşky gurşawy gorap saklamaga, tebigy baýlyklary rejeli we tygşytly peýdalanmaga giň mümkinçilik berýär. Bu ugurdaky wezipeleriň maksady bolsa düýpli ylymlary ösdürmekden, ylmy-tehniki kuwwaty artdyrmakdan, aň-bilim işgärleriniň, alymlaryň täze neslini kemala getirmekden, ylma ukyply ýaşlary çekmekden we olara bu ugurda goldaw bermekden ybaratdyr.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ykdysadyýete giňden ornaşdyrylýar. Şunda innowasion we akylly tehnologiýalaryň, ýagny awtomatlaşdyrmagyň, umumy ulgama birikdirilmedik artýan maglumatlar goruny saklamagyň uly ähmiýeti bardyr. Innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen energiýanyň, gün panelleriniň hem-de ýel turbinalarynyň öndürilmegine şert döreýär. Bu tehnologiýalar öňde duran wezipeleri durmuşa geçirmekde, sarp edilýän çykdajylary azaltmakda we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini energoulgama goşmakda ähmiýetlidir.

Kakageldi SARYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ylmy-önümçilik merkeziniň direktory.