Üns beriň, bäsleşik! düzgünnamasy

19 Ýanwar 2021
3452

«Güneş» žurnalynyň redaksiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Garaşsyzlygyň gazananlaryny, bagtyýar çagalygy we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bedew batly ösüşlerini wagyz etmek hem-de döredijilik ukyby bolan ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen yglan edilýän «Arkadagly eziz Diýar — Watanym, Garaşsyzlyk bilen bagta ýetenim» atly çeper döredijilik bäsleşiginiň

Bu ýyl Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygyna 30 ýyl dolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz Türkmenistanda beýik ösüşler gazanyldy. Gahryman Arkadagly Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky guwandyryjy ösüşlerini ýaş nesilleriň döredijilik eserleriniň üsti bilen açyp görkezmek we wagyz etmek, şeýle hem zehinli çagalary ýüze çykarmak maksady bilen, «Arkadagly eziz Diýar —Watanym, Garaşsyzlyk bilen bagta ýetenim» atly çeper döredijilik bäsleşigini yglan edýäris. Oňa ýurdumyzyň ähli mekdeplerinden, islendik ýaşdaky çagalar hem ýetginjekler gatnaşyp bilerler. Bäsleşige hödürlenjek eserlerde şu ýylyň altyn güýzünde şanly 30 ýyllyk ýubileý baýramyny toýlajak Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň ýeten belent sepgitleri, ajaýyp taryhy wakalary şöhlelendirilmeli. Olaryň çuň mazmunly we edebi-çeper žanrlaryň üsti bilen beýan edilmegi bäsleşigiň esasy şerti bolup durýar.

Guramaçylyk topary.