Ýatkeşlik we ony goramak (Durmuş we biz)

18 Ýanwar 2021
1749

Ähli zatlaryň elektronlaşýan döwründe adamyň edäýmeli işlerini hem köp babatda elektron enjamlar, uzakdan dolandyryjylar, akylly tehnikalar amala aşyrýar. Mysal üçin, öňler telewizory bir kanaldan beýleki bir kanala geçirmek üçin ýeriňden turup, onuň «gulajygyndan» towlap geçirmelidi. Indi bolsa diňe bir telewizor däl, ähli enjamlar uzakdan dolandyryjylar arkaly sazlanýar. Mundan başga-da, matematiki hasaplamalary ýerine ýetirmek üçin hem kelle döwüp oturmagyň geregi ýok. Elektron hasaplaýjylar arkaly islän ululykdaky sanyňy goşup, aýryp, bölüp, köpeldip... bolýar. Telefon belgileri hem ýatda saklajak bolup alada galmaly däl. Häzirki wagtda mobil telefonlaryň iň ýönekeýlerinde hem bu hyzmat doly amal edilýär. Kimiň telefon belgisi gerek bolsa, onuň adyny tapaýmaly. Şu agzalyp geçilenler we ýene-de şuňa meňzeş ençeme durmuşda döredilen elektronik ýeňillikler adamlaryň belli bir derejede hereketsiz galmaklaryna, şeýle hem ýatkeşliginiň peselmegine getirip bilýär.

Eýsem, bu nädip bolýar?! Ynsan beýnisiniň ýatkeşlik bilen bagly bölegindäki nerw öýjükleri ulanylman galanyndan soňra, olar ölüp başlaýar. Çünki olaryň ýerine ýetirmeli wezipesini elektronik enjamlar amala aşyrýar. Şeýlelik bilen, ýatkeşlik peselip ugraýar. Elbetde, durmuşymyzy ýeňilleşdirýän elektronik enjamlardan ýüz öwrüp ýaşamaklyg-a känbir akyla sygjak zat däl. Emma ýatkeşligimizi başgarak usullar bilen gorap saklap bileris.

Aýnur SUPANOWA,
Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyby.