Şanly ýylyň batly gadamlary

13 Ýanwar 2021
2637

Şu hepdäniň duşenbe güni paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygarynyň hormatyna dabaraly çäre geçirildi. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň we A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artistleriniň bilelikdäki «Parahatçylygy we ynanyşmagy dünýä ýaýan Gahryman Arkadag!» atly edebi-sazly çykyşy bu dabaranyň özboluşly başlangyjyna öwrüldi. Bu kompozisiýa türkmen halkynyň milli Liderimize çuňňur söýgüsiniň we beýik hormatynyň aýdyň beýany bolup ýaňlandy.

Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz eziz Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi we ägirt uly halkara abraýa eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi milli Liderimiziň alyp barýan hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýene bir gezek ykrar edilmesidir, türkmen diplomatiýasynyň ajaýyp üstünligidir.

Ýörite habarçymyz.