Baky bagtyň mekany

13 Ýanwar 2021
2578

Biz döwlet ygtyýarlylygyna eýe bolan asuda, parahat ýurtda, erkanalygyň goýnunda ýaşaýan bagtly ynsanlardyrys. Bu beýik bagta nädip buýsanmajak, nädip guwanmajak, eýsem, ynsan üçin özbaşdak, abadan döwletiň bagty çüwen raýatlary bolmakdan uly bagt barmyka?! Bu özbaşdak döwletlilige teşne bolan pederlerimiziň hem ençeme asyrlap ýetip bilmedik arzuw-hyýaly, erk-islegi ahyryn. Ynha, indi laýyk 30 ýyldan bäri öz Garaşsyzlygynyň maksatly menzilleri, rowaç tutumlary bilen halkymyz bagtyýarlygyň, bagtyň hözirini görýär. Bu döwürde parasatly pederlerimiziň parahatçylygy hem-de milletiň bitewiligini gorap saklamak we dowam etdirmek ýaly ýürek arzuwlarynyň wysalyna öwrülen ýoly bilen ýurdumyzyň ýeten derejeleri eýýäm alyslara ýaň salýar. Bu hakykat halkymyzyň jemgyýetçilik durmuşynda amala aşyrylýan özgerişlikleriň, halkyň bagtyýarlygyny üpjün etmek ugrundaky tagallalaryň mysalynda hem aýdyň görünýär.

Garaşsyzlyk türkmen halkyna öz milliligine, kökleri uzak asyrlara uzaýan maddy we ruhy gymmatlyklaryna eýe bolmaga we ösdürmäge giň mümkinçilik berdi. Bu bolsa özüňi beýik millet hökmünde dünýä tanatmak, ykrar etdirmek, yklymda dost-doganlyk ýollaryny gurmak üçin esasy möhüm şertleriň biridir. Şeýle hem bu ugurda döwlet derejesinde ýola goýlan giň gerimli işler türkmen milletini has hem jebisleşdirdi, täze galkynyşa ruhlandyrdy, halky bagtyýarlyga ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň ýiti öňdengörüjiligi bilen ata Watanymyzyň garaşsyzlyk binýadyny has-da berkitmek ugrunda, amala aşyrylýan işler bedew badyna eýe bolýar. Agzybirligi we jebisligi ýörelge edinýän türkmen halky ýurdumyzyň sebitlerini kuwwatlandyrmak, durmuş-ykdysady, medeni-syýasy taýdan ösdürmek ugrundaky uzakmöhletleýin we giň möçberli maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegi üçin bir jan-bir ten bolup irginsiz zähmet çekýär. Bu bolsa öz nesilleriniň röwşen geljegini berkarar etmek ugrunda aladalanýan halkymyzyň ösen watansöýüjilik duýgularynyň beýanydyr.

Maýsa MAKGYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.