Parahatçylyk we ynanyşmak ýoly bilen

13 Ýanwar 2021
2663

Soňky ýyllarda täze eýýamyň her bir ýylynyň şygaryny yglan etmek ajaýyp däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Munuň özi, ýurdumyzyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine berk ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

Golaýda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde şu ýylyň şygarynyň hormatyna dabaraly çäre geçirildi. Dabara hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

«Aşgabat».