Tunisli ýyldyz — Türkmenistanda

16 sagat öň
48

Düýn paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dowam edýän konsert maksatnamalarynyň çäklerinde Tunis Respublikasynyň meşhur estrada ýyldyzy Amani Swissi çykyş etdi. Ýurdumyzda ozal hem myhmançylykda bolan zehinli aýdymçy arap we türkmen dillerinde ýerine ýetiren çykyşlary bilen watandaşlarymyzyň baýramçylyk ruhuny belende göterdi. Bizem Amani Swissi bilen söhbetdeş bolup, onuň beren gürrüňlerini ýazga geçirdik.

— Türkmenistana ilkinji gezek 2022-nji ýylda gelipdim. Şonda «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki sahnada konsert maksatnamasy bilen çykyş etdim. Dünýä belli aýdymçy-sazandalaryň gatnaşmagynda geçirilen bu dabara ýatda galyjy boldy. Bu gezek hem meni türkmen myhmansöýerligi bilen mähirli garşyladylar. Aşgabadyň gözelligi ylhamyňy joşdurýar. Şäheri soňky gezek synlanyma o diýen bir kän wagt geçmese-de, onuň öňküsinden-de owadanlaşandygy aýdyň görünýär. Bu Türkmenistanda beýik özgertmeleriň durmuşa geçirilýändiginden, türkmen halkynyň bolelin durmuşda ýaşaýandygyndan habar berýär.

Ýazga geçiren Gurbanmämmet SEÝITDÄÝEW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Maksat GYLYJOW.