Döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

18 Dekabr 2024
194

2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli tamamlanyp barýan ýylda ýurdumyzda geçirilýän dürli çäreler: bäsleşikler, maslahatlar, aýdym-sazly dabaralar hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda berkarar döwletimiziň ähli ugurlarda rowaçlyklara beslenýändiginiň, akyldar şahyrymyza hormat-sarpanyň bimöçberdiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň «Balkan» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde yglan eden «Adyň dünýä doldy, dana Pyragy» atly döredijilik bäsleşigi hem şolaryň biri boldy.

Üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyza goýulýan belent hormat-sarpany, ussadyň edebi mirasyny, paýhas hazynasyny dünýä ýaýmakda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen alnyp barylýan beýik işleri giňden wagyz etmek, döredijilik işgärlerini Gündogaryň beýik akyldaryna bagyşlanan kämil eserleri döretmäge höweslendirmek maksady bilen geçirilen bäsleşige welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden döredijilik bilen meşgullanýan raýatlar ýokary işjeňlikde gatnaşdylar. Olar bäsleşige hödürlän goşgularynda, hekaýalarynda, makalalarynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan eýýamynyň — häzirki ajaýyp zamanamyzyň tarypyny ýetirdiler, bu döwürde nusgawy şahyrymyzyň at-abraýyny dünýäde has-da beýgeltmek ugrunda alnyp barylýan işleri, akyldaryň dürli temalarda ýazan şygyrlarynyň ähmiýetini çeper beýan etdiler.

Aşyrberdi GURBANOW,
«Balkan».