Ajaýyp kitap halkymyza sowgat

13 Dekabr 2024
162

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenbaşy şäher komitetiniň guramagynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň «Beýik ýüpek ýoly» myhmanhanasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa şäheriň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň hünärmenleri we il ýaşululary gatnaşdy.

Dabarada çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly üstünliklere, taryhy wakalara  beslenýän günlerinde,  Halkara Bitaraplyk baýramynyň öň ýanynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitabynyň halkymyza gowuşmagynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm wakalaryň biri  bolandygyny nygtadylar. Olar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şanly taryhy hem-de häzirki ösüşi barada giňişleýin maglumatlary öz içine alan eseriň ylmy we taryhy nukdaýnazardan dünýä jemgyýetçiligi üçin hem baý çeşme bolup durýandygyny bellediler.

Begençmyrat PYHYÝEW,
TDP-niň Türkmenbaşy şäher komitetiniň bölüm müdiri.