Täze önümçilik kärhanalary

10 Dekabr 2024
150

Düýn Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde häzirki zaman önümçilik desgalarynyň birbada ikisi — kofe we kofe önümlerini hem-de nah ýüplük öndürýän kärhanalar dabaraly açyldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli döwrebap kärhanalar Halkara Bitaraplyk gününe ajaýyp sowgat boldy.

Açylyş dabaralaryna welaýat, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri, Mejlisiň deputatlary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem-de beýleki myhmanlar gatnaşdylar. Täze önümçilik desgalarynyň öňündäki giň toý meýdançalaryny welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, halk döredijilik toparlarynyň belent ruha beslenen çykyşlary gurşap aldy. Dabaralarda çykyş edenler kärhanalaryň ähmiýeti we mümkinçilikleri, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň senagat pudagyny ösdürmek, öndürilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmek, olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, eksportyň möçberini artdyrmak babatdaky tagallalary barada aýdyp, hususy pudagyň wekillerine berýän goldaw-hemaýatlary üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.