Asylly ýörelge dowamat-dowam

7 Dekabr 2024
178

Bag ekmek diýseň sogaply iş bolup, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagyň ygtybarly ýoludyr. Eziz Diýarymyzda tokaý zolaklarynyň çäkleriniň ýyl-ýyldan giňeldilmegi, köpçülikleýin bag ekmek çäreleriniň yzygiderli ýaýbaňlandyrylmagy Watanymyzda tebigatyň gaýtalanmajak gözelliklerini aýawly saklamagyň ýolunda amala aşyrylýan ähmiýetli ädimleriň möhüm bölegidir.

9-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň guralmagy hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky döwletli başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändiginiň subutnamasy boldy. Çünki Watanymyzda asylly däbe, döwletli ýörelgä öwrülen bag nahallaryny ekmek çäreleri ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrundaky netijeli işleriň möhüm tapgyrydyr. Şol çäreleriň çäklerinde bag nahallaryny ekmek bilen bir hatarda, ozal bar bolan tokaý zolaklaryna ideg etmek işleri-de utgaşdyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak boýunça ählumumy tagallalara goşýan mynasyp goşandynyň beýanydyr.

Geldimyrat MYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.