Welaýatlardan habarlar

7 Dekabr 2024
226

Golaýda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV Spartakiadanyň çäginde türkmen milli göreşi boýunça ýaryşyň Tejen etrap tapgyry geçirildi. 42-nji orta mekdebiň sport zalynda geçen ýaryşy «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi, etrap bilim bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Şeýlelikde, 5-nji orta mekdebiň okuwçylary Baýrammyrat Atamyradow (40 kg) we Sähetmyrat Atamyradow (45 kg), 30-njy orta mekdebiň okuwçylary Mälikberdi Gurbandurdyýew (48 kg) hem-de Atageldi Atageldiýew (52 kg), 35-nji orta mekdebiň okuwçysy Serdar Baýymow (57 kg), 36-njy orta mekdebiň okuwçysy Gadyrgeldi Saparow (62 kg), 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Azat Durdygulyýew (68 kg), 20-nji orta mekdebiň okuwçysy Pälwan Rejebow (74 kg) dagy ýeňiji bolmagy başardy. Ýeňijiler ýaryşyň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Akmeňli KAKABAÝEWA,