Döwletiň asudalygy — raýatlaryň bagtyýarlygy

6 Dekabr 2024
203

Häzirki wagtda diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny hem-de bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, döwletimiziň goranmak ukybyny mundan beýläk-de berkitmek babatdaky işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Muňa 4-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi aýdyň şaýatlyk edýär.

Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylary üçin talabalaýyk gulluk we iş şertlerini döretmek, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz diňe goranyş häsiýetli Harby doktrinany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ileri tutulýan wezipelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmegiň we ösdürmegiň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

«Nesil».