Kiçi Bozagan pälwan

22 Noýabr 2024
260

Garagum sährasyndaky obalarda ýaşamak, zähmet çekmek hakyky durmuş mekdebidir. Tomsuň epgegine döz gelip, gyşyň aňzagyna eýlenip, mal yzynda gezmek – edenliligi, ugurtapyjylygy, kesp-kär başarnygyny, umuman, häsiýeti terbiýeleýär. Garryçyrlanyň gaýra gündogarsyndaky Annagoç diýen çarwa obasynda ömür süren Amanýaz göbe hem şol mekdebi geçip, nesil dowamatyna guwanyp ýaşan adamlaryň biridir.

1918-nji ýylda Amanýaz göbäniň we Hansoltan ejäniň döwletli maşgalasynda on üçünji çaga – oglan bäbejik dünýä inýär. Oňa Bozagan diýip at dakýarlar. Bozagan oba mekdebini tamamlap, kolhozda hasapçy bolup işe başlaýar.

Çarymyrat GARAHANOW,
Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň weterany, polisiýanyň ätiýaçdaky podpolkownigi.