Oňurgasy odundan...

19 Noýabr 2024
237

Garry atam mugallym bolup zähmet çekensoň, çaga terbiýesine uly üns berýärdi. Ol çagalaryna we agtyklaryna hem terbiýe berip, ylym-bilim bilen meşgullanmagy çagalykdan ýüregimize guýan ynsandy. Şonuň üçin ylym-bilim bilen meşgullanmagyma garry atam Geldi mugallymyň siňdiren yhlasy has uly. Ol çaga wagtymyz daşyna üýşürip, halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan matallary aýdyp, çagalykdan pikirlenmek ukybymyzy baýlaşdyrmagymyza ýardam ederdi. Garry atam bir gün: «Oňurgasy odundan, her kim içer süýdünden» diýip bize bir mataly orta atdy. Eger şu matalyň jogabyny kim bilse, 1 sany towugy täze çykan jüýjeleri bilen berjekdigini aýdyp, bu gezekki söhbedi has-da gyzyklandyrdy. Biz doganlarymyz bilen her hili jogaplary berdik. Näçe synanyşsak-da, dogry jogaby tapyp bilmedik. Şonda garry atam: «Bu sowalyň jogaby guýudyr» diýdi. Soňra bize şol guýular barada gyzykly gürrüňleri berdi.

Guýular halkymyzyň, ata-babalarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertiniň aýrylmaz bölegidir. Olar il içinde gadymy suwaryş hem-de agyz suwy bilen üpjünçilik desgalarynyň bir görnüşi hökmünde bellidir. Tutuş çägi boýunça alnanda Jeýhun, Murgap, Tejen, Etrek ýaly ululy-kiçili derýalar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň tebigy suw üpjünçilik desgalarynyň üstüni ata-babalarymyzyň paýhasy bilen oýlanyp tapylan we ösdürilen daglyk ýerlerden pese inýän kärizler, düzlük, sähralyk ýerlerde gazylan guýular uly orun tutupdyr. Häzirki günlerde bolsa Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän suw üpjünçilik desgalary has-da kämilleşdirilýär.

Gül­zar AŞY­RO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let, hu­kuk we de­mok­ra­ti­ýa ins­ti­tu­ty­nyň yl­my iş­gä­ri.