“Köki çuň daragtyň saýasy goýry”

19 Noýabr 2024
228

Häzirki zaman dünýäsinde medeni diplomatiýa halklardyr döwletleriň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmaga, medeniýetdir sungat arkaly parahatçylygy, dostlugy berkitmäge ýardam edýän «ýumşak güýç» hökmünde garalýar. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) hem indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri türki dünýäde hut şu möhüm wezipäni ýerine ýetirýän ýeke-täk ýöriteleşdirilen düzüm bolmagynda galýar. Geçen döwürde Bitarap Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygy ösüşiň täze derejesine çykarylyp, mazmun taýdan has-da baýlaşdyryldy. 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», bu ýyl üçin gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, ýurdumyzyň bu abraýly düzüm bilen özara gatnaşyklary «şirwan perdä» çykdy. Geçen hepdäniň dowamynda bolsa Diýarymyzda şu wajyp wakalaryň jemleýji çäreleri üstünlikli geçirildi.

Biz hem Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan RAÝEW bilen gürrüňdeş bolup, onuň çäreleriň netijeleri baradaky pikir-garaýyşlary bilen gyzyklandyk.

Söhbetdeş bolan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».