Aşgabatda “Türkmentel-2024” sergisi açyldy

15 Noýabr 2024
272

Penşenbe güni Aşgabat şäherinde telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlaryna we teleradioýaýradyş enjamlaryna bagyşlanan “Türkmentel-2024” atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy. 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow serginiň açylmagy mynasybetli oňa gatnaşyjylara we guramaçylara iberen gutlag hatynda telearagatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ähmiýetini belledi. “Häzirki döwürde milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion sanly tehnologiýalary we maglumat aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, aragatnaşyk edara-kärhanalaryny döretmek we döwrebaplaşdyrmak üçin düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär. Bäsdeşlige ukyply häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil taýdan täze derejesini döretmek we ilata hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem uly üns berilýär” diýip, Türkmenstanyň döwlet Baştutany belleýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.