Mary welaýatynyň we Mary şäheriniň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklary

22 Oktýabr 2024
351

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her bir günümiz taryhy wakalara beslenýär. Bedew batly eziz Diýarymyzda ähli pudaklar boýunça uly ösüşler gazanylýar, ýurdumyzyň abraý mertebesi has-da ýokary derejelere eýe bolýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmekde, ilatyň saglygyny we daşky gurşawyň faktorlarynyň adamyň organizmine zyýan edip biljek täsirlerinden goramakda, adamyň oňaýly şertlerde yaşamagy üçin giň möçberli işler alnyp barylýar. Mary welaýatynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze binasynyň gurlup ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginde ýene bir ädim bolup durýar.