Milli saglyk ulgamynyň döwrebap ösüşi

22 Oktýabr 2024
309

«Il saglygy — ýurt baýlygy!» diýen şygar halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, milli saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli ösüşini alamatlandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bu ulgam toplumlaýyn ösüşe beslenýär. Paýtagtymyzda, welaýatlarda Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk döwrebap lukmançylyk merkezleriniň yzygiderli gurlup, ulanmaga berilmegi milli saglygy goraýyş özgertmeleriniň barha uly ähmiýete eýe bolýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň dabaraly bellenilen günlerinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynda: «Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr» diýip, bellemegi anyk işlere esaslanýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň täze lukmançylyk merkezleriniň açylyş dabaralary bilen utgaşyp gitmegi hem munuň aýdyň görkezmesidir.

Aşgabat şäheri iri lukmançylyk merkezi hökmünde ykrar edilip, bu ýerde sebitde iri hassahanalar we ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş edaralary jemlenýär, olaryň sany ýylsaýyn artýar. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli täze desgalaryň — Aşgabatda Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde buýan kökünden derman serişdesini öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhananyň, Mary welaýatynyň we Mary şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň täze dolandyryş binasynyň açylyş dabaralary boldy. Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň täze desgalary daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen üpjün edilendir.

Maýa MYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kadaly Fiziologiýa kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylmynyň doktory, dosent.