Ilon Maskyň «Neuralinki» gözi görmeýänleriň görüşini dikeltmek üçin implantatyň üstünde işleýär

23 Sentýabr 2024
813

Ilon Mask tarapyndan esaslandyrylan «Neuralink» kompaniýasy «Blindsight» implantatynyň ABŞ-nyň Azyk we derman serişdelerine gözegçilik müdirliginiň (FDA) «öňdebaryjy enjam» statusyna eýe bolandygyny aýtdy. Bu status ömre howp salýan ýagdaýlary bejermäge gönükdirilen lukmançylyk enjamlaryna berilýär. Statusyň berilmegi enjamlaryň işlenip taýýarlanyşyny we synagdan geçirilişini çaltlaşdyrmaga gönükdirilendir diýip, «Reuters» habar berýär.

«Neuralinkiň» «Blindsight» enjamy iki gözüni we görüş nerwisini ýitiren adamlara-da görmäge mümkinçilik berer. Görüş korteksiniň zaýalanmazlygy şerti bilen, hatda dogluşdan körlere-de ilkinji gezek görmäge mümkinçilik berer. Eger görüş gabygyna zeper ýetmedik bolsa, ol dogabitdi körlere hem görmäge mümkinçilik berer. Görşüň, ilki atari grafikasy ýaly, durulygy pes bolar, ýöne soňlugy bilen, ol tebigy görüşdenem has gowulaşyp biler we infragyzyl, ultramelewşe ýagdaýda tolkunlaryň uzynlygyny radiolokasion diapazonda görmäge mümkinçilik berer» diýip, Ilon Mask gürrüň berdi.

Taýýarlan: Jennet KAKAMYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti.