Şatlygy goşalandyran dabaralar

16 Sentýabr 2024
24

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlaryny häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan iri möçberli taslamalarynyň her biri döwletimizi ykdysady taýdan ösdürmeklige, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilýär.

11-nji sentýabrda ýurdumyzyň iň günorta künjeginde — Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň çäginde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara transmilli gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, «Şatlyk-1» kuwwatly gaz gysyjy desgasynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Turgundy — Hyrat ýolunyň Turgundy — Sanabar böleginiň, Turgundy demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň gurluşyklaryna badalga berilmegi, Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň ugrunda gurlan uzynlygy 177 metr bolan köpriniň işe girizilmegi, Serhetabat elektrik bekedinden Owganystan döwletiniň Hyrat welaýatyndaky «Nur-el-Jahad» elektrik bekedine elektrik energiýasynyň ugradylyp başlanmagy Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şanly wakalar boldy. Şu mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasyna gatnaşmak bagty miýesser eden ildeşlerimiz öz ýürek buýsançlaryny şeýle beýan edýärler:

Taýýarlan Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar