Zehin yhlas bilen utgaşanda

11 Sentýabr 2024
39

Berkarar döwletimizde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny baýram etmäge uludan taýýarlyk görülýär. Ynha, şu toýly günler hem ýurdumyzyň ähli ýerinde dabaralaryň, döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegi bilen utgaşýar. Geçen şenbe güni geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem baýramçylyk dabaralarynyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy.

Bäsleşige güneşli Diýarymyzyň ähli welaýatlarynyň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň wekilleri bilen bir hatarda lebaply ýaş höwesjeň aýdymçylaryň ikisi gatnaşdy. Olar bäsleşigiň şertlerine görä, häzirkizaman kompozitorlarynyň döreden aýdymlaryny we türkmen halk aýdymlaryny ýerine ýetirmekde ukyp-başarnyklaryny, ussatlyklaryny görkezdiler. Esasan-da, Hojambaz etrabynda önüp-ösüp, şu mekanda sungat ýoluna gadam goýan, häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda okaýan ildeşimiz Serdar Jumaýewiň hoş owazy, aýdymlary ýerine ýetirişi, sahna ussatlygy eminler toparynyň agzalarynyň has-da göwünlerinden turdy. Şunlukda, ýaş aýdymçy «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijisi diýlip yglan edildi we hormatly Prezidentimiziň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy. Sungat älemindäki bu ýeňşi onuň naýbaşy baýramymyza ajaýyp sowgady boldy.

Myrat TAGAN ogly,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar