Garaşsyzlygyň merjen dänesi

11 Sentýabr 2024
36

Golaýda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy mynasybetli «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň ýurdumyz boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Däp bolşy ýaly, bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda oňa gatnaşan zehinli ýaşlaryň arasyndan iň dogumly hem başarjaň çagalaryň ýedisi bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Bäsleşikde Dänew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 17-nji orta mekdebiň okuwçysy Merjen Abaýewa üstünlik gazanyp, Şa serpaýyna mynasyp boldy.

Ýaş sungaty söýüji eýýäm 3 ýaşyndan bäri aýdym aýdyp gelýär. Häzirki wagtda ol Dänew etrap çagalar sungat mekdebinde hem iň göreldeli okuwçylaryň hatarynda tanalýar. Mekdepde Merjene baýry mugallym Mähriban Ergeşowa fortepiano hünärinden tälim berýär. Sungatda öz ornuny tapan, ajaýyp sesi bilen tanalan Merjen ýurdumyzyň iri çärelerinde hoş owazly aýdymlary bilen çykyş edýär.

Maral AGAMYRADOWA.
Beýleki habarlar